Financial and economic vocational school of Dashoguz province

Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Merkez-1 şäherçesi.


Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Hünärler boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

1. Hünärmenleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  2. Maliýe we karz, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  5. Bank işlerini programmirlemek, okuwyň möhleti – 2 ýyl.

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine bellenen senelerde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • orta bilimi barada resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Orta hünär okuw mekdebiniň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Daşoguz şäherinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Merkez-1 şäherçesi, 5/2, tel.: 9-09-22.