Vocational energy school of Ashgabat of the Ministry of Energy of Turkmenistan

Aşgabat şäheri, Oguz han köçesi, 13


TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ
AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga 
kabul edýär:

  1. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar
  2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi
  3. Ýylylyk bejeriji elektrik beketleri
  4. Elektrogeçiriji ugurlaryny gurnamak we ulanmak
  5. Ýylylyk üpjünçiligi we ýylylyk we ýylylyk tehniki abzallary
  6. Elektrik beketlerinde suwuň, ýangyjyň we ýaglaýjy materiallaryň tehnologiýasy
  7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
  8. Kompýuter torlary
  9. Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuw möhleti 2 ýyl 5 aý hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary: Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • Umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmensitanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • Soňky oka ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • Bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3х4 möçberde alty sany fotosurat;
  • Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Giriş synaglardan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar, lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplar, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglardan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasynyň tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

  • Şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • Saýlan hünäri boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar
  • Harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Oguz han köçesi, 13; tel.: 49-48-07, 49-48-04