Financial-economic vocational school of Ashgabat

Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112;


AŞGABAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
Hünärler boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

 

Hünärmenleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  2. Maliýe we karz, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  4. Salgytlar we salgyt salmak, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  5. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy, okuwyň möhleti – 2 ýyl;
  6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary, okuwyň möhleti – 2 ýyl;

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bellenen senelerde kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
  • ýaşaýyş jaý müdirliginden kepilnama (maşgala agzalary barada);
  • özüniň we ata-enesiniň pasportlarynyň göçürmesi;
  • harby hasapda duraldygy barada kepilnama;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

  • şahsy pasportyny (özüniň we ene-atasynyň);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112;

tel.: 49-00-52, 49-64-25, 49-64-29

Faks: 49-00-52, 49-01-35;

e-mail: ashmaliyemkd@online.tm

web sahypa : ashmaliyeohom.edu.tm/