Pedagogical School named after Becky Seitakov

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy,


Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça býujet we tölegli esasda okuwlar barada maglumat


1. Başlangyç synp mugallymlaryny taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:
I. Býujet esasynda:

  1. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda informatika dersini okatmak hukugy bilen)
  2. Başlangyç synplarda okatmak (5-7-nji synplarda durmuş zähmeti dersini okatmak hukugy bilen)
  3. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda rus dili dersini okatmak hukugy bilen)
  4. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda matematika dersini okatmak hukugy bilen)
  5. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda taryh dersini okatmak hukugy bilen)
  6. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda geografiýa dersini okatmak hukugy bilen)

II. Tölegli esasda:

  1. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda informatika dersini okatmak hukugy bilen)
  2. Başlangyç synplarda okatmak (5-7-nji synplarda durmuş zähmeti dersini okatmak hukugy bilen)
  3. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda rus dili dersini okatmak hukugy bilen)
  4. Başlangyç synplarda okatmak (5-6-njy synplarda matematika dersini okatmak hukugy bilen)

2. Çagalar bagynyň terbiýeçilerini taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:
I. Býujet esasynda:

  1. Mekdebe çenli bilim we terbiýe (çagalar bagynda iňlis dilini öwretmek hukugy bilen)
  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe (çagalar bagynda rus dilini öwretmek hukugy bilen)

II. Tölegli esasda:

  1. Mekdebe çenli bilim we terbiýe (çagalar bagynda iňlis dilini öwretmek hukugy bilen)
  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe (çagalar bagynda rus dilini öwretmek hukugy bilen)

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!
Mugallymçylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlary Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde bellenen senelerde kabul edilýär. Goşmaça resminamalar Mugallymçylyk mekdebiniň  resmi bekiseytakowmm@sanly.tm  poçtasynyň üsti bilen hem kabul edilip biliner.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; Arza nusga
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); Sowalnama nusga, Maglumat nusga
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • şahsy pasportyny; 
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

“Başlangyç synplarda okatmak” we “Mekdebe çenli bilim we terbiýe” ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • matematika
  • türkmen dili we edebiýaty
  • Türkmenistanyň taryhy

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy, telefon belgileri: 9-39-09.