Trade and Cooperative School of the Ministry of Trade and Foreign Economic Relations of Turkmenistan

51, Aba Annayev Street, Ashgabat.


TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA WE DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRLIGINIŇ SÖWDA-KOOPERATIW MEKDEBI 
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit. 
2. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 
3. Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek. 
4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy. 
Söwda-kooperatiw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl. 
Söwda-kooperatiw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
— şahsy pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny; 
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde geçirilýär:
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň edaralary we kärhanalary tarapyndan degişli hünärlere hödürlenenler;
— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51, tel.: 36-85-32, 36-83-28.