Bayramali agro-industrial vocational school of Turkmen Agricultural University named after S.A. Niyazov

Baýramaly ş., Talyplar köçesi, 1.


S.A. Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 
Hünärler boýunça tölegli okuwlar barada maglumat

Hünärmenleri taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:

  1. Weterinariýa – 2 ýyl;
  2. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy – 2 ýyl;
  3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy – 2 ýyl;
  4. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi – 2 ýyl;
  5. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy – 2 ýyl;
  6. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda) – 2 ýyl;
  7. Dokma önümçiligi – 2 ýyl;
  8. Ýer ulanylyşy – 2 ýyl;
  9. Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) – 2 ýyl. 

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Baýramaly şäherinde bellenen senelerde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • ýaşaýyş jaý müdirliginden kepilnama (maşgala agzalary barada);
  • özüniň we ata-enesiniň pasportlarynyň göçürmesi;
  • harby hasapda durandygy barada kepilnama;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesi, 1. Telefon belgisi: 6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.

Goşmaça soraglar üçin elektron poçtalar: bayramalyagromekdep@gmail.com bayramalyagromekdep@sanly.tm