Ahal financial and economic secondary vocational school

Ahal wel., Gökdepe etr., Gökdepe ş., A.Annanyýazow köç.


Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky hünärleri boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy
  2. Maliýe we karz
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
  4. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy
  5. Statistika
  6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Ahal welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde bellenen senelerde kabul edilýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Gökdepe etr. Gökdepe ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy we jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden(işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
  • ýaşaýyş jay müdirliginden kepilnama (maşgala agzalary barada);
  • özüniň we ata-enesiniň paspotlarynyň göçürmesi;
  • harby hasapda durandygy barada kepilnama;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

  • şahsy pasportyny (özüniň we ene-atasynyň);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Ahal wel., Gökdepe etr., Gökdepe ş., A.Annanyýazow köç., tel.: 800132 4-70-61, 4-70-62