Polytechnic Secondary Vocational School of the Agency "Turkmenaragatnashyk"

г. Ашхабад, ул. Эсгерлер, 68.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebi
aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Logistikada operasion işi. 
  2. Kompýuter torlary.
  3. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.
  4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
  5. Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy.
  6. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

Politehniki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl. 

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (Aşgabat şäherinden bolan dalaşgärler Aşgabat şäherindäki fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanadan, welaýatlardan bolan dalaşgärler bellenilen saglyk öýlerinden geçýärler);
  • ýaşaýan ýeri boýunça neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinden kepilnama; 
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • şahsy pasportyny; 
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş.,Esgerler köçesi, 68-nji jaý. Tel.: 34-58-00, 34-13-14, 34-19-55.