Ashgabat agro-industrial vocational school

Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143 jaý.


Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi ​​​

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):

  1. Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda);
  2. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda);
  3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy;
  4. Agrohimiýa;
  5. Ösümlikleri goramak;
  6. Tokaý we seýilgäh hojalygy;
  7. Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy;
  8. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi;
  9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy;
  10. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy;
  11. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy;
  12. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy;
  13. Gidromeliorasiýa;
  14. Ýer ulanylyşy;
  15. Weterinariýa.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy hünärleri — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda); Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünärleri — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy; Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy; Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; Ösümlikleri goramak; Weterinariýa; Agrohimiýa; Tokaý we seýilgäh hojalygy hünärleri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • Ýer ulanylyşy; Gidromeliorasiýa; Oba hojalygynyň mehanizasiýasy; Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143 jaý. Telefon: 34-98-91, 34-91-24, faks 34-91-79.