Medical school of Dashoguz named after Gurbansoltan eje

Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesiniň  17-nji jaýy.


Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça býujet we tölegli esasda okuwlar barada maglumat

I.   Býujet esasynda

  1. Bejeriş işi, okuwyň möhleti - 3 ýyl
  2. Şepagatçylyk işi, okuwyň möhleti - 2,5 ýyl
  3. Saglygy goraýyş-önüni alyş işi, okuwyň möhleti - 2,5 ýyl

II. Tölegli esasda:

  1. Bejeriş işi, okuwyň möhleti - 3 ýyl
  2. Şepagatçylyk işi, okuwyň möhleti - 2,5 ýyl
  3. Akuşerçilik işi, okuwyň möhleti - 2,5 ýyl
  4. Farmasiýa, okuwyň möhleti - 2 ýyl

Okuwlara isleg bildirýänler üçin!
Lukmançylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde bellenen senelerde kabul edilýär. Goşmaça resminamalar Lukmançylyk mekdebiniň  resmi dloom@online.tm  poçtasynyň üsti bilen hem kabul edilip biliner.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; Jilt nusga 
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); Sowalnama nusga, Maglumat nusga
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • şahsy pasportyny; 
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça:

  • himiýa;
  • biologiýa;
  • Türkmenistanyň taryhy;

derslerinden geçirilýär 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy:  Daşoguz şäheriniň Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesiniň  17-nji jaýy, telefon belgileri: 2-21-64, 2-21-18.