Ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşik geçirilýär

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrüň ösen talabyna laýyklykda bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gazanmak, bu ugurlarda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, Startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşiginiň geçirilýändigini habar berýäris.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşigiň düzgünnamasy we gatnaşyjylary hasaba alýan ulgam https://education.gov.tm/tm/digital-innovation internet saýtynyň “bäsleşikler” bölüminde ýerleşdirilendigini habar berýäris we bäsleşige isleg bildirýänler  bäsleşigiň şertleri bilen aşakdaky düzgünnamada tanyşyp bilerler:

Ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I.    Umumy düzgünler

1.    Yaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşiginiň Düzgünnamasy (mundan beýläk - Düzgünnama), Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340 belgili Karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna" hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136 belgili Karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna" laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2.    Şu Düzgünnama ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça geçirilýän “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşigini (mundan beýläk bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
3.    Bäsleşik ykjam tehnologiýalary arkaly ýaşlaryň bilime höwesini artdyrmak, okuw maglumatlaryň elýeterliligini artdyrmak maksady bilen geçirilýär.
4.    Bäsleşigi geçirmegiň wezipeleri şulardan ybarat:

1)    “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda" we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz önünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek;
2).   Ýaşlaryň arasynda milli ykjam programma üpjünçilikleriniň işlenip düzülmegin i käm i lleşdirmek;
3)    Döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we olara goldaw bermek;
4)    Döwrebap ykjam tehnologiýalary arkaly bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny we tejribelerini giňden ornaşdyrmak;
5)    Döredijilikli zähmet çekýän zehinli yaşlaryň intellektual başamyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik döretmek;
6)    lnnowasion ykjam programma üpjünçilikleri bilim ulgamynda ornaşdyrmak arkaly olaryň yzygiderli ulanylyşyny gazanmak;
7)    Has tapawutly ykjam programma üpjünçilikleriň awtorlaryny sylaglamak arkaly ýaşlaryň geljekde täze döwrebap usullaryň üstünde işlemegine höwes döretmek. 

 

II.    Bäsleşigi guramak we geçirmek
 

5.    Bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli her ýylyň dekabr aýynyň 7-8-i aralygynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň raýatlary bolan 35 (otuz bäş) ýaşa çenli ýaşlaryň ählisi, ýagny, mekdep okuwçylary, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlar, ýaş alymlar (aspirantlar, dalaşgärler), eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşyp bilerler.
6.    Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralýar.
7.    Bäsleşige hödürlenýän ykjam programma üpjünçilikleri we/ýa-da taslamalar ýekelikde ýa-da 3 (üç) adamdan köp bolmadyk topar tarapyndan ýerine ýetirilen bolmaly.
8.    Bäsleşige hödürlenýän ykjam programma üpjünçilikleri we taslamalar android/IOS platformalarda taýýarlanyp, şu aşakdaky tematiki ugurlara degişli bolmalydyr:

1)    Dersler boýunça öwrediji ykjam programma üpjünçilikleri we ulgamlary;
2)    Öwrediji ykjam oýunlar;
3)    Elektron bilim gorlary we hyzmatlary;
4)    Hünär saýlamak;
5)    Sagdyn durmuş, sport, medeniýet, terbiýeçilik.

9.    Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär:

-    deslapky hasaba alyşdan;
-    saýlamakdan we ara alyp maslahatlaşmakdan;
-    jemleýji saýlap alyşdan we gürrüňdeşlikden.

10.    Deslapky saýlap alyşyň barşynda gelip gowşan taslamalara resminamalary kabul etmegiň tertibine laýyklykda seredilýär. Deslapky saýlap alyşyň netijeleri boýunça işlenip taýýarlanan taslamany bäsleşige gatnaşdyrmak üçin ugruny kesgitlemek baradaky çözgüt kabul edilýär.
11.    Jemleýji saýlap alyşa gatnaşmak üçin bäsdeşleri saýlap almagyň barşynda, eminler topary bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenen işlenip taýýarlanan programmalara baha bermegiň ölçeglerine we ýörelgelerine laýyklykda baha berýärler.
12.    Jemleýji saýlap alyşyň barşynda, işläp taýýarlaýjylar bilen söhbetdeşlik guralýar hem-de eminler topary we çagyrylan bilermenler taslama bilen tanyşdyrylýar.
13.    Işlenip taýýarlanan ykjam programma üpjünçiligi we/ýa-da taslama dine 1 (bir) tematik ugur boýunça hödürlenip bilner.
14.    Bäsleşige hödürlenýän işläp taýýarlamalary seljermek üçin Eminler topary döredilýär.
15.    Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanylýar.
16.    Eminler topary öz işinde şu Düzgünnama goldanyp, bäsleşige hödürlenýän işläp taýýarlamalara geçirilen seljerme işleriniň çözgüdiniň netijelerini bäsleşige gatnaşyjylara esaslandyryp düşündiriş bermäge borçludyr.
17.    Bäsleşigiň maksatlaryna laýyk gelýän işlenip taýýarlanylan ykjam programma üpjünçiligine gyzyklanma döretmek, ýaýratmak we ulanyjylyryň sanyny artdyrmak maksady bilen, bahalandyrmakda ýaşlaryň hem pikirleri göz öňünde tutulup bilner. Ýaşlaryň seslerini hasaba almak üçin bäsleşigiň saýtynda mümkinçilik döredilýär.

 

III.    Taslamalary kabul etmegiň tertibi
 

18.    Bäsleşige gatnaşmak üçin ýörite nusgadaky hasaba alyş kagyzy (goşundy 1) doldurylýar.
19.    Hasaba alyş kagyzy bilen birlikde şu aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:
1)    gatnaşyjy we ýolbaşçy hakynda maglumat (pasportlarynyň nusgasy, okaýan/işleýan ýerleri);
2)    hödürlenýän ykjam programma üpjünçiliginiň/taslamanyň suratlary (screenshot) ýa-da tanyşdyryşy;
3)    ykjam programma üpjünçiliginiň/taslamanyň beýany: maksady we mazmuny, funksional mümkinçilikleri, işläp taýýarlamanyň tehnologiýalary, tapgyrlary, taslamanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeler hakynda maglumatlar (2 sahypa çenli);
4)    degişli gulluklar    tarapyndan ykjam programma üçin berlen şahadatnamalar we patentler (*eger bar bolsa).
Hasaba alyş kagyzy doldurylanda taslamany hödürleýän tarapyndan ýalňyşlyga (nädogry beýan edilmegi, ugry kesgitlenilende ýalňyşlyk) ýol berlen bolsa, eminler topary düzedişleri girizýär we taslamanyň awtoryna girizilen düzedişler barada habar berýär.
5)    Bäsleşige hödürlenýän ykjam programma üpjünçilikleri/taslamalar boýunça taýýarlanan resminamalar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýtyna (https://education.gov.tm/tm/digital-innovation) ýa-da goşmaça saýlanan web-saýta iberilýär. Resminamalar noýabr aýynyň 1-den 30-na çenli 01.11.2022-30.11.2022 ý. aralykda kabul edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry “Sanly çözgüt IT meýdança” Hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilýär.

IV. Bäsleşige gatnaşmaga ygtyýar berilmezligine sebäp bolup biljek ýagdaýlar
 

20.    Bäsleşige gatnaşmaga ygtyýar berilmezligine sebäp bolup biljek ýagdaýlar:

1)    ýaşy boýunça laýyk gelmezligi;
2)    taslamalaryň mazmunynyň    Türkmenistanyň    kanunçylygynda bellenilen kadalara we düzgünlere laýyk gelmezligi;
3)    taslama bellige alnan mahalynda görkezilen maglumatlaryň hakykata laýyk gelmezligi;
4)    göçürme, alynma (plagiat) ýüze çykarylanda.

21.    Ähli jedeller şu Düzgünnamanyň çygrynda çözülýär.


V. Baha bermegiň ölçegleri we ýörelgeleri
 

22.    Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça taslamalara baha bermek üçin, eminler topary baha bermegiň aşakda görkezilen ölçeglerine we ýörelgelerine gollanýarlar:

1)    Taslamanyň ideýasynyň özboluşlylygy üçin (bahalandyrmak: 1-5 bala çenli) - öňde goýlan wezipäni berjaý etmegiň özboluşlylygy we gaýtalanmazlygy bilen kesgitlenýär. IT we beýleki sanly ulgamlar boýunça ýurtdaky hem-de dünýädäki bazarda şoňa meňzeş, elýeterli taslamalar näçe az boldugyça, taslamanynyň özboluşlylygyna şonça derejede ýokary baha berilýär;


2)    Tehnologik çözgüdi (arhitekturasy) üçin (bahalandyrmak: 1-5 bala çenli) - taslamalary düzmekde nusgalary ulanmak arkaly işlenip taýýarlanan arhitekturasyna görä bahalandyrylýar we özboluşly görnüşde taýýarlanan taslamalara ýokary baha berilýär;
 

3)    Özboluşlylygy, mazmunyň dolylygy, interfeýsiniň kämildigi we owadanlygy üçin (bahalandyrmak: 1- 5 bala çenli) - islendik interfeýsleriň görnüşleri düzülende, ilkinji nobatda ulanyjy üçin ulanmagyň amatlylygy (user-friendly interface), şeýle hem programmanyň daşky görnüşi (bezegi, owadanlygy), hödürlenýän maglumatlarynyň mazmunynyň dolylygy göz öňünde tutulyp, ykjam programma üpjünçiliginiň özboluşlylygy hem-de gaýtalanmazlygy, innowasion ideýanyň maksadyna we ugurlaryna laýyklykda, programma üpjünçiliginiň amaly gymmaty göz öňünde tutulyp baha berilýär;
 

4)    Innowasion täzeçililigi üçin (bahalandyrmak: 1-5 bala çenli) - täze tehnologiýalary (AR,VR, blockchain, Big data, AI we beýlekiler) ulanmak arkaly işlenip taýýarlamanyň bäsleşigiň maksatlaryna we wezipelerine laýyklygyna görä baha berilýär;
 

5)    Sosial taýdan peýdalylygy, ýaşlaryň bilimini artdyrmak, terbiýe üçin (bahalandyrmak: 1-5 bala çenli) - Ykjam programma üpjünçiliginiň ýaşlaryň bilimini artdyrmakda peýdalylygyna, terbiýesine täsir edilişine görä baha berilýär.
 

6)    Ykjam programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrylanda döwrebap kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, taýýarlanan programma üpjünçiligini görkezmekligi üçin (bahalandyrmak: 1-5 bala çenli) - tanyşdyrmak üçin taýýarlyk görlende we tanyşdyrylanda, täze tehnologiýalaryň, şeýle hem olaryň mazmun - bezeg taýdan kämilleşdirilmegi (stil, fon, animasion effektler) ýaly ýagdaýlaryň ulanylyşyna, maglumatlaryň görkezilişine we tanyşdyrylmagyna, şeýle-de taslamanyň doly derejede taýýarlanylmagyna göra ýokary baha berilýär;
 

VI. Sylaglamagyň tertibi
 

23.    Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dört ugur boýunça geçirilýär.
24.    Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda I, II we III orun üçin diplomlar, hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanýar.

 

VII. Hukuklary goramak
 

25.    Işläp taýýarlamalary, taslamalary döretmek we ulanmak bilen baglylykda ýüze çykýan ähli gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly düzgünleşdirilýär. 

 

 

GOŞUNDY 1
 

HASABA ALYŞ KAGYZY


1.    Düzüjiniň (düzüjileriň) familiýasy, ady we atasynyň ady    
2.    Işleýän (okaýan) ýeri, wezipesi (ýyly, hünäri) we telefon belgileri (iş, ykjam)    
3.    Doglan senesi    
4.    Taslamanyň ady    
5.    Taslamanyň hödürlenýän ugry    
6.    Ulanylmaga hödürlenýän ýeri    
7.    Berlen şahadatnama ýa-da patent (belgisi)    
8.    Döredilen ýyly    
9.    Ýolbaşçysynyň
F.A.A.a., işleýän ýeri, wezipesi we telefon belgileri (iş, ykjam)