Vocational school No. 1 of Khazar city administration

 

 

Hazar şäher häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde
hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada
MAGLUMAT

  1. Buhgalterçilik işi- 1,5 ýyl
  2. Awtomehanik- 1,5 ýyl
  3. Kitaphana we arhiw işi- 1,5 ýyl
  4. Nebit we gaz çykaryjy operator – 1,5 ýyl
  5. Elektrik enjamlaryny abatlaýjy we hyzmat ediji elektromontýor – 1,5 ýyl
  6. Nebit we gaz guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçiriji ussasy – 1,5 ýyl
  7. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar – 1,5 ýyl
  8. Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa – 1,5 ýyl
  9. Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa -1,5 ýyl
  10. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl
  11. Himiki derňewiň laboranty – 1 ýyl
  12. Haryt operatory – 1 ýyl
  13. Awtokranyň we awtowyşkanyň maşinisti – 1 ýyl
  14. Aragatnaşyk operatory – 1 ýyl
  15. Nebit we gaz guýularynyň operatory – 1 ýyl
  16. Nebit we gaz guýularyny ýerasty abatlamak boýunça operator – 1 ýyl

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Hazar şäher häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

  • pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Hazar şäher häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde (Hazar ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

Hazar şäher häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Awtomobil kranyň maşinisti – 5 aý
  2. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji – 4 aý
  3. Aşpez-kulinar – 4 aý
  4. Biçimçi-tikinçi – 4 aý
  5. Metal kesiji stanoklaryň we awtomatlaryň operatory – 4 aý
  6. Takelažçy – 3 aý
  7. Gazançy maşinist – 3 aý
  8. Kompýuteriň operatory – 3 aý
  9. Awtoýükleýjiniň maşinisti – 3 aý
  10. Demirbeton gurnamlary gurnaýjy – 3 aý

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.

Hazar şäher häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň Himikler ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 201-nji jaýy. Tel: 993 (240) 2-11-89, Fax 993 (240) 2-11-89;