Vocational school of the State Committee for Television and Radio Broadcasting and Cinematography of Turkmenistan

 

 

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde
hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada

MAGLUMAT

  1. Buhgalterçilik işi - 1,5 ýyl
  2. Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak - 1,5 ýyl
  3. Guramaçy režissýoryň kömekçisi -1,5 ýyl
  4. Kompýuter montažçy –1,5 ýyl
  5. Maglumatlar ulgamy boýunça iş ýörediji - 1,5 ýyl
  6. Kitaphana we arhiw işi - 1,5 ýyl
  7. Teleradio režissýorlyk işi -1,5ýyl
  8. Ses režissýoryň kömekçisi -1,5ýyl
  9. Telekinooperatorçylyk işi - 1 ýyl
  10. Kompýuter oýunlary 3D ölçeginde modelirleme we animasiýa-1,5ýyl

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

  • pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

Bellik: 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. Mäti Kösäýew köçesiniň 68-nji jaýy

Tel: 993 (12) 36-38-65, 993 (12) 36-10-09;