Use of multimedia technologies

 

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda multimedia, interaktiw tehnologiýalar mekdep durmuşyna berk ornaşdy. Maglumat tehnologiýalary boýunça amaly endikleri bolan her bir mugallym olary özüniň gündelik işinde peýdalanýar. Tema düşündirilende, amaly sapaklarda, özbaşdak işlerde, test geçirilende multimedia prezeiýalaryndan peýdalanmak gowy netijeleri almaga mümkinçilik berýär.     
Häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan okuw usulyýetinde okuw serişdelerini görkezip okatmakda mümkinçilikler köpdür. Olar bütin okuw işini üýtgetmäge ukyplydyr. Şekil, ses, wideo we animasion materiallary birikdirip, elektron bilim gorlaryny döretmekde bu tehnologiýa möhüm orny eýeleýär. Görkezme materiallary umumy didaktiki, ergonomiki we usuly talaplara laýyklykda taýýarlanmalydyr. Şunda prezentasiýalar okuwçyda gyzynmany, bilesigelijiligi artdyrýar. Munuň özi prezentasiýanyň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär. Şunuň bilen birlikde, onuň many-mazmun taýdan baýlygyny, maglumatlaryň yzygiderlilikde beýan edilişini hem ünsden düşürmeli däl. 
Şeýle prezentasiýalardan peýdalanyp guralan sapaklar ýatda saklamak prosesini ýeňilleşdirýär, sapagy has-da gyzykly, täsirli guramaga mümkinçilik berýär. Multimedia prezentasiýasynyň kömegi bilen diňe bir bilim bermek däl-de, bilimiň hilini barlamak, öwrenilen materialy berkitmek, gaýtalamak, umumylaşdyrmak, ýagny didaktiki işler ýerine ýetirilýär. 

 “Bilim” žurnaly.