Development of student's thinking

 

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň belent sepgitlerini nazarlaýar. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ösen aň-düşünjeli, kämil nesiller bolup ýetişmegine gönükdirilen çäreler bu maksada ýetmek üçin döredilen mümkinçilikleriň aýdyň mysalydyr. 
Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim edaralarynyň okuw maksatnamasyna girizilen üýtgeşmeler bilim işgärleriniň öňünde täze bir wezipäni, ýagny bilim bilen ylmy utgaşdyrmak, sazlaşykly alyp barmak wezipesini goýdy. Okuw maksatnamasyna girizilen syn, annotasiýa ýaly barlag işleri bolsa okuwçylaryň okalan esere seljerme bermek bilen bir hatarda, edebiýat ylmy bilen hem içgin gyzyklanmagyna mümkinçilik döredýär. Esasan hem, syn ýazylanda, okuwçy okalan islendik bir eseriň üstünliklerini, meselelerini açyp görkezmäge synanyşýar. Bu sapaklar okuwçylaryň eser babatda ylmy taýdan pikirlenmek başarnygynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Edebiýatyň, döredijilik işiniň kämilleşmeginde edebi eserlere seljerme bermäge hem uly orun degişlidir. 
Okalan eserler barada ylmy taýdan pikirlenmek üçin çeper döredijiligiň inçe syrlaryny oňat ele almaly bolýar. Çeper döredijiligiň inçe syrlaryny, kada-kanunlaryny bolsa edebiýat nazaryýeti öwredýär. Haýsydyr bir eser barada gürrüň edilende-de, şol eseriň temasy, ideýasy, çeperçiligi barada pikir alyşmak üçinem okuwçylaryň edebiýat nazaryýeti boýunça alan bilim düşünjeleriniň ýeterlik gory bolmaly. Mugallym edebiýat nazaryýeti boýunça okuwçylara düýpli düşünje bereninde, öwrenilen düşünjeleri amaly taýdan berkidýär. 
Okuwçylaryň ünsüni eseriň çeperçiligini derňemäge gönükdirenimizde, ulanylýan çeperçilik serişdelerini eserlerden alnan mysallaryň üsti bilen okuwçylaryň ýadynda galar ýaly edip berkidýäris. Şeýle edilende, okuwçylar özbaşdak okan eserine hem seljerme bermäge, onda ulanylýan çeperçilik serişdelerini özbaşdak saýgarmaga we bu barada öz pikirini ýüze çykarmaga ukyply bolýar. 
Okuwçylaryň okalan eserlere, aýratyn hem, şygyr bentlerine seljerme bermäge ukyply bolmagy üçin zerur şertleriň biri hem olaryň diliň kada-kanunlaryny, ýagny sözleriň leksika semantik, sintaktik, morfologik aýratynlyklaryny oňat bilmegidir. Häzirki zaman türkmen şygryýetiniň ösüşine seljerme bermek üçin hem okuwçylaryň edebiýat nazaryýeti boýunça alan bilimleriniň mysallaryň üsti bilen amaly taýdan berkitmegi zerur bolup durýar. Ýaş nesli ylma gönükdirmäge döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, zähmet çekmek mugallymlaryň, bilim işgärleriniň borjudyr. 

    “Bilim” žurnaly.