Global languages are learned

 

Milli bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usullaryndan peýdalanyp, bu dilleri ýaşlara çuňňur öwretmekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglanyşykly, iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman täze usullaryndan, tehnologiýalaryndan, ýöriteleşdirilen tehniki we multimedia serişdelerinden netijeli peýdalanylýar.
 «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň amaly we nazaryýet esaslaryny özleşdirmekde, prezentasiýalardan netijeli peýdalanmakda, ýaş nesliň işjeňligini artdyrmakda, okuw işiniň depginini ýokarlandyrmakda, ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda aýratyn tagalla edilýär. 
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerinden okadýan mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda, ýokary okuw mekdeplerindäki hünär derejelerini ýokarlandyryş fakultetlerinde, dil merkezlerinde we uzak aralykdan guralýan okuwlarda işler talabalaýyk alnyp barylýar. 
Okuwlar belli bir derejede kompýuter tehnologiýalarynyň esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa sapagyň gyzykly bolmagyna ýardam berýär. Ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde sapaklaryň iňlis dilinde alnyp barylmagy, ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde suwara gürlemegine we sowatly ýazmaga mümkinçilik döredýär. Her bir mugallymyň döredijilikli zähmeti netijesinde, talyp hünär bilimini öwrenýär, şeýle hem daşary ýurt dilini özleşdirýär. 
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli bilimi ösdürmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Dürli usullar arkaly ýaş nesle daşary ýurt dilleri öwredilýär. 

“Bilim” žurnaly.