ORTA BILIM ULGAMY SANLYLAŞDYRYLÝAR
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, bu babatda dünýä tejribesini öwrenmek, bilimiň ähli basgançaklarynda sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň bilen baglanyşyklylykda, ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek ýerliklidir.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de, ýaşlar üçin niýetlenilen bilim ulgamynyň torunda elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we beýleki zerur maglumatlar ýerleşdirilendir. Ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam bilen işlemäge ymykly girişdi, bu ugurda hünärmen taýýarlamagyň öňde durýan wezipeleri-de üstünlikli çözülýär.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda orta bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Netijede, ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Görşümiz ýaly, umumybilim berýän okuw mekdeplerinde ýaş nesli okatmak we terbiýelemek babatda ulanylýan döwrebap usulyýeti işjeňleşdirmekde hem-de alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri giňden beýan etmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.
Ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýan häzirki döwründe orta mekdepler üçin dürli dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Olardan peýdalanmagyň halkara tejribesi öwrenilýär we iş ýüzünde ulanylýar.
Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda orta bilim ulgamynda hem ýeterlik tejribeler bardyr. Muňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň ussat hünärmenleriniň iş meýilnamasy esasynda geçirýän döwrebap usuly işleri-de şaýatlyk edýär
“BILIM” žurnaly