Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebi 1 ýyl 6 aý möhlet bilen aşakdaky hünärler boýunça bilim almak isleýän dalaşgärleri tölegli okuwlara çagyrýar.
1. Teleradio režissýorlyk işi;
2. Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak;
3. Ses režissýoryň kömekçisi;
4. Montažyň režissýory;
5. Telekinooperatorçylyk işi;
6. Sport synçysy;
7. Kompýuter montažçy;
8. Yşyk bilen bezemek;
9. Guramaçy režissýoryň kömekçisi;
10. Maglumatlar ulgamyny dolandyrmak;
11. Buhgalterçilik işi;
12. Teleradio tehnigi we kommunikasiýalar işi;
13. Arhiw we kitaphana işi;
14. Fotosuratçy;
15. Kompýuter oýunlary 3D ölçeginde modelirleme we animasiýa.
1. Attestatyň (diplom) asyl nusgasy we göçürmesi;
2. Pasport we onuň nusgasy;
3. Saglyk kepilnamasy; rentgen döş kapasasy baradaky maglumat;
4. Soňky okuw ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
5. 3x4 ölçegli 10 sany fotosurat;
6. Zähmet depderçesiniň göçürmesi (iş tejribesi bolanlar üçin);
7. Harby bölümde hasapda durýanlygy barada resminama;
8. Ýaşaýan ýerinden güwänama (Forma — 3);
9. Üç arka maglumaty we onuň elektron nusgasy.
Telefon belgileri: (+993 12) 36-10-09, (+993 12) 36-09-28.