Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada
MAGLUMAT
Buhgalterçilik işi - 1,5 ýyl
Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa - 1,5 ýyl
Kompýuter torlaryny sazlaýjy - 1,5 ýyl
Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa - 1 ýyl
Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi – 1,5 ýyl
Demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy-elektromehanik – 1,5 ýyl
Elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça) – 1,5 ýyl
Signalizasiýa, merkezleşdirme, we blokirleme enjamlarynyň elektromontýory – 1 ýyl
Radio we telefon aragatnaşyk enjamlarynyň montažçysy – 1 ýyl
Tehnologiýa enjamlaryny sazlaýjy (elektron tehnikasy) – 1 ýyl
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebinde bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesiniň 13-nji jaýy,
Tel: 993 (12) 49-95-92, 993 (12) 49-95-91, faks: 993 (12) 49-95-96