Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky
1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada
MAGLUMAT
Buhgalterçilik işi – 1,5 ýyl
Kitaphana we arhiw işi - 1,5ýyl
Aşpez – konditer tehnology - 1,5 ýyl
Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi - 1,5ýyl
Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa - 1,5 ýyl
Konstruktor modelýer kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen – 1,5 ýyl
Guramaçy režissýoryň kömekçisi - 1,5 ýyl
Geodeziýaçy - 1,5 ýyl
Radiomehanik - 1,5 ýyl
Himiýa önümçiliginiň tehnology - 1,5 ýyl
Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator - 1 ýyl
Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi - 1 ýyl
Dellekçi - 1 ýyl
Tikinçi- biçimçi - 1 ýyl
Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen) – 1 ýyl
Elektromontýor- 1 ýyl
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.
Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
Buhgalter -4 aý
Kompýuteriň operatory -3 aý
Tikinçi -3 aý
Aşpez -3 aý
Kompýuter sowatlylygy -1 aý
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
pasportynyň göçürmesi;
bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.
Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Mukaddes Ruhnama köçesiniň 22-nji jaýy, Tel: 993 (422)-3-94-79; 993 (422) 3-96-15