SEÝDINIŇ NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODYNYŇ 15-NJI HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI

Image description


Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde hünärler boýunça alnyp barylýan okuwlar barada
MAGLUMAT

Buhgalterçilik işi - 1.5 ýyl
Elektromontýor -1 ýyl
Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator -1 ýyl
Nebit-himiýa önümçiliginiň operatory -1 ýyl
Himiki derňewiň laboranty– 1 ýyl
Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl
Tehnologiki sorujylaryň we kompressorlaryň (gysyjylaryň) maşinisti – 1 ýyl
Barlag-ölçeg enjamlaryny we awtomatikany sazlaýjy – 1 ýyl
Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory – 1 ýyl
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde (Seýdi ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara göýberilmeýär.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän tehnologiki gurluşlaryň operatory – 6 aý
Kompýuteriň operatory-3 aý
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
pasportynyň göçürmesi;
bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 2-nji jaýy,

Tel: 993 (446) 2-15-96 ; 993 (446) 2-14-23