S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

Image description

 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we ba lyk hoj alygy (hünärler: agro-himiýa we topragy öwreniş; ösümlikleri gora-mak; miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi).

2. Dokma we ýeňil senagatyň tehno l ogiýa l ary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiligi-niň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

3. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geo-deziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).

III. Baka I awr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň

ugurlary: zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa).

IV. Baka lawr maksatnamasy (tölegIi esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda).

2. Oba, tokaý we balyk hoja lygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyl adyşhana hoj alygy; agroekologiýa).

3. Informatika we hasap laýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas-syklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu l ardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärl er we nusga l aryny tabşyrýarl ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Da l aşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandy-gyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berl en maglumatl ar we galp resmi iş kagyz l ary üçin da l aşgär şahsy jogapkärçi l ik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 6-sy we 8- i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-5-i, 7-si we 9- y günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 10-y we 11-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 14-i we 15-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-13-i, 15-i we 16-sy günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agro-himiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba
hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zoo-tehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologi-ýasy; tebigy süýümleri egirmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň yk-dysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synag larynyň tertibinde bel l eni len wagtda synag l ara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synag l ara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstün l ikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netije-ler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürle-nen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.