Merkez bilim bermek we maglumat tehnologiýalary çygrynda işi alyp barýan edaradyr, ol Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygy, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy – hukuk namalaryna laýyklykda öz işini alyp barýar.” Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi 2010-njy ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabat şäherinde gol çekilen “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnamanyň” we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykaran 11803-nji “Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezini döretmek hakynda” kararynyň esasynda döredilip, bilim boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady esasynda döredildi, onuň esaslandyryjysy we Türkmenistan tarapdan işini utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bolup durýar. Merkez hukuk-guramaçylyk görnüşi boýunça döwlet kärhanasy bolup, bilim bermek we maglumat-tehnologiýa hyzmatlary çygrynda işi amala aşyrýar hem-de hojalyk hasaplaşygy başlangyçlarynda hereket edýär. Merkeze diňleýjileri okuwa kabul etmegi we okatmagy 2011-2012-nji okuw ýylyndan başlap, tölegli esasda amala aşyrylýar. Merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky döwlet syýasatyny netijeli amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridiki hem fiziki taraplarynyň döwrebap kompýuter maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilýär.
BIZIŇ WEZIPELERIMIZ:
• Programma önümini döretmek, maglumat tehnologiýalaryny okuw prosesine ornaşdyrmak, elektron okuw kitaplaryny we kitaphanalaryny, maglumat ulgamlaryny we okuw prosesini dolandyrmagy awtomatlaşdyrmak ulgamyny döretmek.
• Maglumat-tehnologiýa işi boýunça bilim bermek, halkara derejede hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny (kurslaryny) gurnamak;
• Maglumat-tehnologiýa ugrunda maslahatlary bermek;
• Hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuwlary (kurslary) gurnamak, şol sanda sanlylaşdyrma prosesleri we maglumat ulgamlary boýunça, maglumat-tehnologiýalary we programmirleme (kodlaşdyrma) babatynda dürli okuwlar gurnamak.
• Bilim ulgamynda döwrebap we kämil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak onuň gözegçiligini (monitoringini) güýçlendirmek, okamagyň täzeçilligini, elýeterliligini we çeýeligini üpjün etmek, jemgyýetiň has agdaklyk edýän bölegine ýokary hilli bilim resurslaryna (serişdelerine) elýeterlilik mümkinçiligini kepillendirmek.
• Diňleýjilere kompýuter sowatlygynyň esaslaryny, onlaýn işini gurnamagyň we alyp barmagyň esaslaryny, tekst maglumatlary işlemegiň we taýarlamagyň, tablisa görnüşinde uly göwrümli maglumat serişdelerini, binýatlaryny işlemegiň we taýýarlamagyň adaty görnüşinde maksatnamasyny taýýarlamagyň amaly okuwlaryny gurnamak.