Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Karary esasynda döredildi. Ýene-de size aýtmak isleýän zadymyz biziň Merkezimiz sanly ulgamlary özleşdirmek boýunça dünýäde öňdeligi saklaýan Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alnyp döredilendir.
Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr. Şeýle hem «mugallym — okuwçy — ata-ene» gatnaşygyny sanly usulda utgaşdyrmaga ýardam bermek täze merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
“Kompýuter sowatlylygy”, “Işewürlik işi”, “Programmirleme dilleri”, “Kiberhowpsuzlyk”, “AR,VR tehnologiýalary”, “Robototehnika”, “Sanly ykdysadyýet”, “Elektron mekdep dolandyryş ulgamy”, “Tor tehnologiýalaryň esaslary”, “E-resminama dolanşygynyň esaslary” “Scratch dilinde programmirleme”, “Moodle platformasynyň esaslary”, şeýle-de Rus, Iňlis, Koreý, Arap dillerini öwredýän okuw kurslarymyz biziň merkezimiziň iň ýörgünli kurslarydyr.
“Elektron mekdep dolandyryş ulgamy”- eMekdep – onlaýn ulgam bolup, onuň esasy maksady informasion we telekommunikasion tehnologiýalaryň ulanylşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim berijiligiň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr:
Okuwy we dolandyryş prosessleri (yzygiderligi) ýeňilleşdirmek, şeýle hem bilim beriji edaralaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;
Mugallymlaryň we ene-atalaryň okuw-terbiýeçilik işlerini gowulandyrmak; we bilim almak elýeterliligini ýokarlandyrmak. Okuw mekdepleriň dolandyrylşynyň we okuw işleriniň sanlylaşdyrylmagy üçin bu ulgam aşakdaky ýaly işleriň geçirilmegine ýardam edýär:
Okuwçylaryň elektron gündeliklerini ýöretmäge;
Mugallymlaryň synp žurnallaryny ýöretmäge;
Okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara ýetirmäge;
Habarlaşmak üçin hyzmatlary hödürlemäge;
Mugallymlara we dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge;
Sapaklaryň meýilnamasyny görmek üçin mümkinçilik;
Mugallymlar üçin okuwçylara öý işlerini tabşyrmaga we onuň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmäge;
Bilim berilşiniň hilini ýokarlandyrmak üçin ýetişigiň we gatnaşygyň görkezijilerini gowulandyrmagyň usullaryny kesgitlemek
E-resminama dolanşygyň esaslary – atly okuw kursymyz häzirki wagtda örän ýörgünli hasaplanylýan okuwlaryň biridir. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, önümçilik kärhanalarynda, başga pudaklaryň edara-kärhanalarynda gurnalýar. Bu ulgam ýurdumyzda resminamalaryň ýöredilişini bir standarda getirmek we kagyzyň tygşytly ulanylmagy ýaly maksatlary göz öňüne tutýar.
Bu okuw kursuna ýazylan diňleýjilerimiz “E-resminama” dolanşyk ulgamyny doly öwrenip bilerler. Mundan başga hem, bu okuwlarda bu ugura degişli bolan daşary ýurt tejribelerini hem özleşdirip, olaryň durmuşa geçirilşiniň aýratynlyklaryny öwrenip bilerler.
“Tor tehnologiýalaryň esaslary” — Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň günsäýyn kämilleşip, ösüşler wagtynda her bir adam diýen ýaly kompýuterlere we olaryň ulgamlarynyň gurluşlaryna degişli düşünjesi bolmalydyr.
Esasan hem kompýuterleri öwrenýän başlangyç öwrenijilere bu kurslarda hemme zerur bolan zatlary mümkinçilik bardyr, öwrenen bilimlerini tejribede görmeklik hem göz öňüne tutulandyr.
Öňden bäri işläp ýören hünärmenler üçin hem bu kursyň degerli ýeri bolar, ýagny egerde siz önümçilikleriň tor ulgamlary bilen işleşýän bolsaňyz bu ulgamadaky täzelikler, soňky innowasiýalar bilen tanşyp bilersiňiz.
Tejribesi köp bolan ökde hünärmenler (DevOps-inženeri, inžener-aragatnaşykçy) bu kurslarda öz ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirip bilerler.
Okuwlar nähili geçirilýärkä?
1) Tema özleşdirilýär (tejribe wideo sapaklar, leksiýalar)
2) Tejribe sapaklar (diňleýjileriň özleri kompýuterde tor düzmegi öwrenýärler)
3) Mugallym öý işleri tabşyrýar
Netijede diňleýjilerimiz bu kursdan aşakdakylary gazanyp bilýärler:
• Täze tejribede ulanyp boljak bilimi;
• Bu ulgamdaky hünärmenleriň maslahatlaryny;
• Diňleýjileriň geljegine peýdaly bolup biljek bilimi;
• Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sertifikatlar.
“Sanly ykdysadyýetiň esaslary” – sanly tehnologiýalara esaslanan ykdysady işleriň toplumyna aýdylyp, ol elektron biznes we elektron kommersiýa bilen baglanşyklydyr. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi boldy diýilse, ýalňyş bolmaz. Raýatlarymyz üçin hyzmatlaryň ähli görnüşleri diýen ýaly online görnüşde elýeterlidir: online marketler, hojalyk hyzmatlar üçin online tölegler, ýol petekleriň online satuwy we başga-da köp sanly hyzmatlar online görnüşde hödürlenilýär. Sanly ykdysadyýetiň nämedigine has çuňňur düşünmek mümkinçiligi biziň kurslarymyzda hödürlenilýär. Diňleýjiler sanly ykdysadyýetiň aýratyn syrlaryny öz bähbitleri üçin ulanyp bilerler. Özüniň bir wagtda uly göwrümli maglumatlary analizirläp bilýändigi sebäpli, sanly ykdysadyýet dürli görnüşli önümçilikleriň we kärhanalaryň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, ammarlaryň, söwdalaryň, hyzmatlaryň iş netijeliligini ýokarlandyryp biler.
“Sanly ykdysadyýet” atly okuwlar biziň merkezimizde diňleýjileri üçin söwda we täjirçiligiň häzirki zaman tendensiýalaryny, aýratynlyklaryny öwrenip, öz durmuşlarynda ulanmaga aýratyn üstünlikli mümkinçilikdir.
ARDUINO bilen robototehnikanyň esaslary – bu tejribe ähmiýetli ylym bolup, awtomatlaşdyrylan tehniki ulgamlary işläp düzýär we önümçiligi ösdürmegiň tehniki esasy bolup durýar.
Ol elektronika, mehanika, kibernetika, telemehanika, mehatronika, informatika, radiotehnika we elektrotehnika ýaly derslere esaslanýar. Robototehnikanyň birnäçe görnüşleri tapawutlanýar: gurluşyk, önümçilik, hojalyk, mediki, awiasion we harby.
Diňleýjilerimiz biziň kurslarymyzda robototehnikanyň bilim maksatly görnüşini öwrenip bilerler. Ýagny robotlara nädip komandalaryň (buýruklaryň) berilýändigini, “Scratch” programmirleme dilinde komandalary işläp düzmegi öwrenýärler.
Uly ýaşdaky diňleýjiler üçin okuwyň bu görnüşi häzirki zaman tehnologiýalara, programmalara has anyk düşünmäge ýardam eder. Kiçi ýaşdaky diňleýjilerimiz üçin bolsa programmirleme dillerine düşünmäge ilkinji ädim bolup, roboto tehnologiýalara aýratyn gyzyklanma döreder.
“AR, VR tehnologiýalary” — Augmented reality (AR) (Дополненная реальность) Goşulan reallyk – real dünýäniň interaktiw (özara täsir ediji) tejribesi bolup, onda real dünýädäki obýektlara duýujylyk maglumatlary güýçlendirilendir. Ýa-da başgaça aýdanymyzda Goşulan reallyk – bu ulanyjynyň daşky real-dünýasi bilen real-wagt giňişlik maglumatlary goşup bitewleşdirmek mümkinçilige aýdylýar.
AR tehnologiýalary dürli göwrümlerde ulanylyp bilner: öý, edara, zawod şertleri üçin, şähere ýa-da tutuş dünýä üçin niýetlenen göwrümlerde.
Virtual reality (VR) (Виртуальная реальность) Wirtual reallyk – doly hemmetaraplaýyn duýujylyk tejribeleri başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Munda ulanyjy “Oculus Rift” ýa-da “Google Cardboard” ýaly ýörite äýnekleri ýa-da kellä geýilýan toplumy ulanyp, kompýuteryň döreden giňişligine geçip gidýär.
AR we VR tehnologiýalary häzirki wagta dünýäniň ösen ýurtlarynda dürli pudaklarda giňden ulanylmagy ösüp barýan derejededir. Ykdysadyýetde, senagatda esasan hem telewideniýe, film döredijiliginde uly gyzyklanma döredip, AR we VR tehnologiýalaryň bu ugurlardan geljegi uly hasaplanýar.
AR we VR tehnologiýalary okuw kursunda diňleýjilerimize “Unity” atly programmada programmirlemäniň esaslary öwrediler, şeýle hem diňleýjilerimiz özleri AR app-y döretmegi öwrenerler. 3D modellere animasiýa bermek, 3600¬ wideolary işläp taýýarlamak we “Oculus quest 2” VR-enjamyna ýüklemegi öwrenerler.
Kiberhowpsuzlygyň esaslary- Kompýuter howpsuzlygy ýa-da maglumat tehnologiýanyň howpsuzlygy — kompýuter ulgamlaryny we torlaryny gizlin maglumatlaryň syzmagyndan, enjamlarynyň, programma üpjünçiliginiň ýa-da elektron maglumatlarynyň ogurlanmagyndan ýa-da zaýalanmagyndan, üpjün edýän hyzmatlarynyň näsazlyklaryndan we bökdençliklerinden goramak bilen häsiýetlendirilýär.
Kompýuter ulgamlaryna, interneta, şeýle hem Bluetooth we Wi-Fi ýaly radiotorlaryň standartlaryna baglylygyň yzygiderli ösmegi bilen, şeýle-de “smart” akylly enjamlaryň (smartfonlaryň, telewizorlaryň we “zatlaryň interneti”-ne degişli bolan dürli enjamlaryň) giňden ýaýramagy bilen bu uguruň wajyplygy dowamly ýagdaýda has hem artýar. Çylşyrymlylygy sebäpli, kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda hem syýasy, hem tehnologiki nukdaýnazardan iň möhüm meseleleriň biridir. (https://en.wikipedia.org/wiki/Computer_security)
Biziň Innowasiýa Maglumat Merkezimizde diňleýjilerimiz kiberhowpsuzlygy noldan başlap öwrenip bilerler, kiberhowpsuzlygyň esaslary barada düşünjesi bolanlar kiberhowpsuzlygyň soňky tapgyrlaryny okap bilerler: ýöriteleşdirilen we çuňlaşdyrylan görnüşleri.
Merkezimiziň kiberhowpsuzlyk kurslarynda siz parollaryň nähilli düzülýändigini, haýsy kodlar goýulsa has ykjam goragy döredýändigini, şeýle hem guramalaryň, edaralaryň tor ulgamlaryny nähilli ýagdaýda goralmalydygyny, müşderileriňiziň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini üpjün edilşini öwrenip bilersiňiz.
Öz bilim derejesini artdyrmak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak isleýän ýurdumyzyň islendik raýaty Innowasiýa Maglumat Merkezimizde özüne laýyk geljek köp sanly okuw kurslaryna ýazylyp bilerler. Merkezimiziň okuwlary tejribeli mugallymlar bilen diýseň gyzgalaňly geçýär.