Mary şäheriniň Aşgabat köçesi, 49.
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi
Taýýarlygyň aşakdaky hünärleri boýunça tölegsiz esasda okuwlar barada maglumat
1. Başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar bagynyň terbiýeçilerini taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:
Taýýarlygyň aşakdaky hünärleri boýunça tölegli esasda okuwlar barada maglumat
1. Başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar bagynyň terbiýeçilerini taýýarlamak aşakdaky ugurlar boýunça:
Okuwlara isleg bildirýänler üçin!
Mugallymçylyk mekdebine Mary we Lebap welaýatlarynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bellenilen senelerde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Mugallymçylyk mekdebiniň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Mary ş.) bellenilen seneler aralygynda geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
Goşmaça soraglar üçin Mugallymçylyk mekdebiniň hdmm@online.tm resmi poçtasyna hat üsti bilen ýüz tutup bilersiňiz!
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Mary şäheriniň Aşgabat köçesi, 49, telefon belgileri: 5-20-55, 5-29-15