Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Halkara hyzmatdaşlyk bölümi

Halkara hyzmatdaşlyk bölümi

Halkara hyzmatdaşlyk bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynda halkara hyzmatdaşlygyny we bu ugurda hukuk kadalaşdyrylyşyny ösdürmeklige gönükdirilen.

Halkara hyzmatdaşlyk bölümi öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary, Kararlary we Buýruklary, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň buýruklary we çözgütleri hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýruklary we tabşyryklary esasynda alyp barýar.

Halkara hyzmatdaşlyk bölümi bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly bolan meselelerini çözmek üçin ministrligiň beýleki bölümleri bilen utgaşdyryjy işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmak bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşatr ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan daşary ýurtlara bilim alýan  türkmenistanly raýatlaryň hasabytyny ýöredýär. Şeýle-de, olaryň okuwlary we tertip-düzgünleri barada olaryň okaýan hünär okuw mekdepleri hem-de bu ýurtda ýerleşýän Türkmenistanyň Ilçihanalary bilen aragatnaşyk saklaýar.