Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM | RU | EN
Çäreler
Aşgabat şäherinde ýaş alymlaryň bäsleşigi geçdi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika insitutynda ýaş alymlaryň nobatdaky bäsleşigi geçdi. Bäsleşige şäheriň orta mekdepleriniň ikisiniň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk mekdebiniň, şeýle hem TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Bäsleşik ýurdumyzyň Ýaş alymlar merkezi (TÝAM) tarapyndan guraldy.

Eminler toparyna TÝAM-niň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdy. Bäsleşige dört ugur boýunça talaplara gabat gelýän 13- sany innowasion taslama teklip edildi:

  1. Himiýa tehnologiýasy, innowasion materiallar we energetika;
  2. Biotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa we lukmançylyk;
  3. Awtomatlaşdyrylan ulgamlar, programma üpjünçiligi, telekommunikasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk;
  4. Innowasion mugallymçylyk, kognitiw ylymlar we ykdysadyýet.

Iş gününiň dowamynda bäsleşik işleriniň awtorlary dürli önümçilik ugurlarynda gymmat bahaly pikirleriniň ornaşdyrylmagy we  importyň ornuny milli önümler bilen tutmak, şeýle hem ýurdumyzda yglan edilen Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasy nukdaýanazaryndan öz ylmy işleriniň aktuallygyn esaslandyryp, prezentasiýalaryny geçirdiler.

Netijede 24 sany ýeňiji belli boldy. Olardan dördüsi birinji orna (bäsleşigiň her ugry boýunça biri) hem-de degişliligi boýunça gymmat bahaly bäýraklara we diplomlara mynasyp boldular.


  • Bägül Sylapowa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. Diňe tebigy maddalardan ýasalan antibakterial sabyny işläp düzmek işiň awtory.
  • Begençnazar Baýlyýew – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 5-nji ýyl talyby. Innowasion awtomatlaşdyrylan ýyladyşhananyň awtory.
  • Akmyrat Allanazarow – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby. Süýt önümleri üçin awtomatlaşdyrylan gaplaýjy enjamyň taslamasynyň awtory.
  • Mähri Ilmedowa – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň mugallymy. Distansion okuwyň özboluşly usulyýetiniň, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny onlaýn usulda kabul etmek programmasynyň awtory.

Baýrakly ýerleriň derjesine görä ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Beýleki gatnaşyjylara hormat hatlary gowşuyldy.

Türkmenistanyň Ýaş alymlarynyň merkeziniň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Azat Ataýewiň belläp geçişi ýaly, Ýaş alymlaryň geňeşiniň guramaçylygynda ýerlerde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolanlar jemleýji tapgyra gatnaşdyryldy. Şeýlelikde, mysal üçin, ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilen tapgyra gatnaşan 130 taslamanyň arasynda 20 sany rasionalizatorçylykly teklibiň awtorlary jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

11.06.20
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurymlar üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň daşary syýasat derejesiniň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar. 

Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan dürli ders hem-de döredijilik bäsleşikleriniň  ýeňijileri halkymyzyň watançylygyň we jebisligini, milli gymmatlygymyza çäksiz hormata şaýatlyk edýän üstünliklerimizi hem-de gazananlarymyzy alamatlandyryp, asmana uzap belentde buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň etegine gül desselerini goýdular. 

Şu ýerde hem uçurymlar, olaryň mugallymlary hem-de ene-atalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagyny diňlediler.   

«Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan ýaşlarymyzyň belent borjy we esasy maksady bolmalydyr. Siz ata-babalarymyzyň beýik däplerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň bilimiňiz, ukyp-zehiniňiz bilen eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz» diýlip, Gutlag hatynda aýdylýar. 

Döwlet Baştutanymyz ylym hem-de bilim kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bilim bermek işine gatnaşýanlaryň hemmesiniň mümkinçiligini açmagyň we amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň daýanjy bolmaly, onuň şöhratyny artdyrmaly ýaşlaryň zehininiň hem-de aň-bilim kuwwatynyň hakyky gülläp ösmeli döwrüdir.  

Okuw ýyllarynda dürli sport ýaryşlarynda mekdebiň abraýyny gorap,   ol ýa-da beýleki ders boýunça bäsleşiklerde ýeňip, döredijilik bäsleşiklerinde hem-de çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, tapawutlanan  mekdep okuwçylary hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.  

Soňra 2020-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolarda okuwçylaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan berk, ruhy taýdan belent, ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary durmuş ýoluna atarýan terbiýeçilere aýratyn hormat bildirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek belleýşi ýaly,  Diýarymyzyň ylym we bilim ulgamynyň özgerdilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümleri döredildi, bu ulgamda iň täze usullary özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. 

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň täze binalary guruldy. Bilim edaralaryny  okuw kitaplary we gollanmalar bilen üpjün etmek, halkara ölçeglerine kybap gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. 

Ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, umumybilim berýän mekdepleriň gurulmagy dowam edýär. 

Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen ylym-bilim ulgamynyň özgertmeleri mekdepleriň durmuşyna möhüm täzelikleri ornaşdyrdy. Mekdepleriň 12 ýyllyk bilim berilmegine geçirilmegi, okuw işlerine ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagy abraýly halkara ders bäsleşikleriniň baýrak eýeleriniň sanynyň artmagyna, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar hem-de gaznalary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine getirdi. 

Munuň şeýle bolmagyna sapaklaryň tertibine binýatlyk dersler bilen deň hatarda, ykdysadyýetiň esaslary, modelirleme hem-de grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly dersleriniň girizilmegi hem ýardam berdi. 

Bu gün uçurymlar bilimlere teşne okuwçylara täze açyşlaryň dünýäsine özboluşly nobaty geçirmek bilen, olary öz yzlary bilen diňe bir ylmyň başlangyçlaryna akyl ýetirmek ýoluna däl, eýsem, durmuşda has möhüm ruhy ýörelgelere — dostluga, hormat goýmaga, goldamaga, özara kömek bermäge çagyrýarlar. 

Bu nurana baýramçylykda mekdepleriň uçurymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn mähirli we tolgunmak bilen hoşallyk bildirýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaş nesilleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen örän uly işler geçirilýär, ýaşlaryň intellektual we döredijilik zehinlerini açmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

25.05.20
Türkmenistanda mekdebe çenli terbiýe we bilim edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim maksatnamasyny özleşdirmegi çaltlaşdyrjak we dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim almagyna şertleri döretjek, çagalaryň irki ösüşi we olary mekdebe taýýarlamagy gowulandyrmagyň täze usullary ara alyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin 2020-2025-nji ýyllar üçin mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirjek maksatnama girizildi. Bu çärä bilim ministri, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başgada, ministrligiň edara binasynda mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralary hem-de mekdepler tarapyndan sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazowyň belläp geçişi ýaly, esasy maksadymyz innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak, bilim we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamak we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek arkaly, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň alyp barýan işini ösdürmekdir. Şeýlede, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde psihologiýa, pedagogika we bilim bemek usullaryny yzygiderli kämilleşdirmeklige uly orun berilýär.

Mekdebe taýýarlaýyş merkezleriniň sanyny, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynda gurnaklaryň sanyny artdyrmak hem-de milli we hereketli oýunlar arkaly çagalaryň mekdebe çenli bedenterbiýe sapaklaryny kämilleşdirmeklik örän möhüm meseleler bolup durýandygyny Milli bilim institutynyň Bölüm başlygy Ogulmaral Matalowa belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda ýiti respirator keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklyk meselesine hem garaldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkeziniň bölüm başlygy Sülgün Berdiýewa ýiti respirator keselleriň öňüni almakda geçirilýän düşündiriş işleriniň, maslahat berilýän arassaçylyk we şahsy gigiýena düzgünlerini ýerine ýetirmekligiň we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip ýaşamaklygyň wajyplygyny belläp geçdi. Şeýlede ol, “Çagalara ir ýaşlaryndan başlap ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň edilmegi örän möhümdür. Şeýle hem, çagalaryň ösüşinde uly orun berilýän, pediatr, çaga psihology, fizioterapewt hünärmenleriň taýýarlanmagy örän peýdaly bolar” diýip goşdy.

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň orunbasary Begençmyrat Jepbarow mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasy çagalaryň dogry iýmitlenmegini hem göz öňünde tutýar diýip belledi, sebäbi çagalaryň ir ýaş döwüründäki iýmitlenişiniň häsiýeti onuň ösüşine we bütin ömri dowamyndaky saglyk ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.

Mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksatnamasynyň üstünlikli işlemegi üçin çaganyň irki ösüşine ýardam berýän köpugurlaýyn çemeleşme, şeýle hem uly ýaşly nesliň tejribesini we bilimlerini ösdürmeklik zerurdyr.

24.05.20
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideo konferensiýa geçdi

22-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatiki akademiýasynyň uniwersitetiniň (ADA uniwersiteti) arasynda wideo konferensiýa geçdi.

Iki bilim edarasynyň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berip, taraplar bu ugurda ýerine ýetirlen işleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada jikme-jik maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki oňyn tejribäni nygtamak bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň berkidilýändigini belläp geçdiler. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geňeşiniň işine we Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşmagy bellenip geçildi. Şeýle hem, dünýä bilelşeiginiň bähbitlerine degişli meseleleriň çözülmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren teklipleri aýratyn bellenildi.

Maslahatyň soňunda gatnaşyjylar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin iki ýurduň Prezidentlerine öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

22.05.20
25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary geçiriler

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arakaly nobatdaky mejlsinde wise-premýer P.Agamyradow şu ýyl okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we hususan-da, «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

25-nji maýda paýtagtda hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köpsanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň guraljakdygy habar berildi.

Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiýadalarynyň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine döwlet Baştutanynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Ýurduň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" atly şygar astynda geçiriler.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özbaşdak durmuşa gadam urýan ýaş türkmenistanlylaryň «Soňky jaň» dabarasy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýatlarynda galmagy üçin baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

18.05.20
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara döwlet baştutanynyň adyndan süýji sowgatlar gowşuryldy

Döwletliler köşgünde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda, ol ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan süýji sowgatlar gowşuryldy. Çagalara myhmançylyga milli parlamentiň wekilleri, Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara milli parlamentiň wise-spikeri Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy Ýazberdi Öwezberdiýew mähirli arzuwlar bilen ýüzlendiler. Öňem bellenip geçilişi ýaly, ýetip gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada, çagalaryň sazlaşykly kämilleşmegi üçin şertleriň döredilmegi, olaryň şahsy potensiallarynyň açylmagy türkmen lideriniň sosial syýasatynyň öňde tutulýan nukdaýnazarydyr.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özleri barada edýän atalyk aladasy we ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Dabara çagalaryň taýýarlan şowhunly konserti bilen dowam etdi.

18.05.20
“Ýylyň mugallymy” Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmäge saldamly goşandyny goşýan, bilim we hünär taýdan kämil, baý iş tejribesini toplan ussat mugallymlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda “Ýylyň mugallymy” Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň 27-28-nji maýynda geciriler. Bu çäre Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda guralar.

16.05.20
“Ýylyň talyby“ Döwlet bilim bäsleşigini

Ata Watanymyza, türkmen halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, gözýetimi giň, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, zehinli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, 2020-nji  ýylyň 20-22-nji maýynda Aşgabat  şäherinde “Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşigini geçiriler. 

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylygynda geçiriler. Bäsleşigiň dowamynda zehinli talyp ýaşlar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşy, informatika, türkmen dili, iňlis dili hem-de erkin çykyş etmek boýunça öz ussatlyklaryny eminler toparyna görkezerler.

Bäsleşigiň jemi 23-nji maýda jemlener. Ýeňiji bolan zehinli talyplara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

16.05.20
Türkmenistanda talyp ýaşlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde talyp ýaşlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär.

Öňden habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmekligi tabşyrdy we ony ilkinji nobatda mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde guramalydygyny nygtady.

Lukmanlar bu tabşyrygy gaýra goýmasyz ýerine ýetirmäge başladylar. Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmek üçin ÝOM-larda terapewtlerden, gulak-burun-bokurdak lukmanlaryndan, göz lukmanlaryndan, stomatologlardan we dermatologlardan, şeýle hem arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň hünärmenlerinden ybarat ýörite lukmançylyk toparlary döredildi

Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň dowamynda keselleriň öňüni almaga ýa-da olary haýallatmaga mümkinçilik berýän howp faktorlary diýip atlandyrylýan keselelriň ýaýramagyna täsir edýän faktorlar ýüze çykarylýar. Şeýlelikde, talyplarda haýsamda bolsa bir patologiýa ýüze çykarylan ýagdaýynda olar ýaşaýan ýeri boýunça degişli Saglyk öýünde dispanser hasabyna alynýar.

15.05.20
Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, okuw maksatnamalaryny özleşdirmekde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen talyp ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, orta hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Döwlet bäsleşigi 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda uzagara onlaýn gömüşinde geçiriler.

Döwlet bäsleşigi geçirýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde özara birikdirilen kompýuterler bilen üpjün edilen otaglar Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda taýýarlandy. Bäsleşigiň geçirilýän pursatlaryny berk gözegçilikde saklamak maksady bilen ady agzalan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerindäki otaglar wideoarabaglanyşygyny ýola goýmak üçin ýokary tizlikli internet we web-kameralar bilen üpjün edildi.

Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine gatnaşjak talyp ýaşlarynyň ählisine üstünlik arzuw edýäris!

14.05.20