Ata Watanymyza, türkmen halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, gözýetimi giň, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, zehinli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 20-22-nji maýynda Aşgabat şäherinde “Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşigini geçiriler.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylygynda geçiriler. Bäsleşigiň dowamynda zehinli talyp ýaşlar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşy, informatika, türkmen dili, iňlis dili hem-de erkin çykyş etmek boýunça öz ussatlyklaryny eminler toparyna görkezerler.
Bäsleşigiň jemi 23-nji maýda jemlener. Ýeňiji bolan zehinli talyplara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin egin-eşik kolleksiýalaryny çylaryp başladylar.
Gyzlar üçi...
36 ýurtdan 545 okuwçynyň, şol sanda Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Indoneziýadaky Eduversal halkara agentlginiň edarasy I-EMC 2020 atly matematika boýunça onlaýn-olimpiadany geçi...
Ýurdumyzda orta we ýokary bilim ulgamlarynda uzagara bilim guramak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar, bu ugurdaky halkara tejriesi işjeň öwrenilýär.
Türkmeinistanyň Minist...
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn g...