Paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň geçirilmegi ýurdumyzyň umumybilim ulgamynyň işgärleridir mekdep okuwçylaryny täze bilim, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy. Bäsleşige deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Olar robot tehnikasy, takyk we tebigy dersler boýunça öz taslama işlerini bäsleşikde görkezdiler. Işlere ýokary derejeli halypa bilim işgärleri hem-de işine ökde ýaş hünärmenler baha berdiler.
Ylmy-döredijilik bäsleşiginde robot tehnikasy ugry boýunça Köýtendag etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Tahyr Azamatow, takyk dersler ugry boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Durdygylyç Mergenow we Eziznazar Nurnazarow 1-nji orna mynasyp boldylar. Tebigy dersler ugry boýunça Mary şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 24-nji zehinli ýaşlar orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Muhammetali Nuryllaýew hem-de Gurbanmyrat Berdimyradow dagy hem ýeňiji boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de bilim-ylym işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gazanylan netijeler ýurdumyzda milli bilimiň mazmunyny kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak baradaky döwlet aladalary netijesinde, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerde ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimdir terbiýe berilýändiginiň we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň dürli bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleriniň ýylsaýyn artýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin egin-eşik kolleksiýalaryny çylaryp başladylar.
Gyzlar üçi...
36 ýurtdan 545 okuwçynyň, şol sanda Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Indoneziýadaky Eduversal halkara agentlginiň edarasy I-EMC 2020 atly matematika boýunça onlaýn-olimpiadany geçi...
Ýurdumyzda orta we ýokary bilim ulgamlarynda uzagara bilim guramak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar, bu ugurdaky halkara tejriesi işjeň öwrenilýär.
Türkmeinistanyň Minist...
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn g...